Polite second person forms فرم های مودب دوم شخص
When speaking to new acquaintances or elders, “siz” is used instead of “sen.” It is also used when speaking to more than one person.
Turkmen language practice تمرین زبان ترکمنی
1) Write the polite forms of the questions, using “siz” instead of “sen.”
“Sen” çalyşmasynyň deregine “siz” çalyşmasyny ulanyp mylakatly sorag sözlemlerini ýazyň.
اشکال مودبانه سؤالات را با استفاده از «siz» به جای «sen» بنویسید.
Example/مثال /Göredeli:
Ýagdaýlaryňyz nähili?
(How are things?)
حال و احوال چطوره؟
1. ………………………………………
(Where are you from?)
(اهل کجا هستید؟)
2. ………………………………………
(Are you a teacher?)
(آیا شما معلم هستید؟)
3. ………………………………………
(What is your name?)
(اسم شما چیست؟)
4. ………………………………………
(How old are you?)
(چند سالتان است؟)
Answers/ پاسخ ها /Jogaplar: 1. Siz nireden? 2. Siz mugallymmy? 3. Siziň adyňyz näme? 4. Siz näçe ýaşyňyzda?
Has atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Bu kada, esasan aşakdaky ýalydyr.
Adam atlarynyň, familiýalarynyň we adynyň deregine ulanylýan lakamlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Aman, Gurbanow, Annageldi, Çaryýew, Zelili, Mätäji, Pyragy.
Şu hili atlar we lakamlar tirkeşdirilip ulanylanda, olaryň aralaryna defis goýulmaýar.
Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mämmetweli Kemine.
Haýwanlara dakylýan atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Akbaý, Akbilek, Garagör, Sakar, Gyrat
Geografik atlaryň, meýdançalaryň, köçeleriň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Mary oblasty, Aşgabat şäheri, Köpetdag, Murgap derýasy, Baýkal köli, Azatlyk meýdançasy, Köşi obasy, Fransiýa, Çeleken ýarym adasy.
Söz ýasaýjy goşulmalary kabul edip, has atlyk manysyny ýitiren sözler setir harpy bilen ýazylýar.
aşgabatly, köşüli, garagumly, marksism.
Soňuna -syz, -siz, -daky, -däki goşulmalary goşulan has atlar bu bellige girmeýär, olaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Aşgatabatdaky mekdep; Meretdäki kitap; Sen Gözelsiz gezelenje gitme.
Planetalaryň, asman jisimleriniň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Ýer, Aý, Gün, Mars, Ýedigen, Demirgazyk ýyldyzy.
Baýramlaryň we belli taryhy wakalaryň adyny bildirýän sözleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Täze ýyl, Birinji maý.
Eger-de şeýle atlaryň düzümindäki tertip sanlar sifr bilen berilse, onuň yzyndaky sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
8-nji Mart, 9-njy Maý.
Käbir halkara guramalarynyň adyny aňladýan sözleriň (kömekçi sözlerden başgasynyň) ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Birleşen Milletler Guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti.
Sözlemleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Goşgularyň her setiriniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar.
Käwagtlar goşguda sözlem düzülişiniň aýratynlygyna garap bu düzgünden çykmalar hem bolup biler.
Stilistik maksatlar bilen baglylykda Watan, Azatlyk, Siz ýaly sözler baş harplar bilen-de ýazylyp bilner.